Türkmenistanda öndürildi milli haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar
Şu gün — 26-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» hem-de «Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 — 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna» laýyklykda ýurdumyzyň önümlerini dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda pudagara iş topary döredildi. Häzirki wagtda bu topar tarapyndan «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşanynyň şekili hem-de milli haryt nyşany baradaky Düzgünnamanyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektron söwdany guramakda hem-de harytlary sargyt etmekde, önümleri taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny nygtady.