Köneürgenç pagta egriji fabrigi

Häzirki döwürde Türkmenistanyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşarky bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýar. “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazetiniň penşenbe güni habar berşi ýaly, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda ýerleşýän pagta egriji fabriginde şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda 30 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu görkeziji bellenen meýilnamadan 5 million manat ýokary boldy. Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada taýýarlanan ýüplügiň ýaryna golaýy baglaşylan şertnamalara laýyklykda Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýä, Gyrgyzystana we beýleki ýurtlara ugradyldy. Köneürgenç pagta egriji fabrigi ýurduň dokma pudagynyň ýokary tehnologiýaly önümçilikleriniň biridir. Bu ýerde oturdylan ýörite döwrebap enjamlar ýylda 6 müň 700 tonna pagtany gaýtadan işläp, 6 müň tonna ýokary hilli ýüplük öndürmäge mümkinçilik berýär. Köneürgenç etrabynda ýerleşen pagta-egirme fabriginiň öndürýän ýokary hilli ýüplügini alýan daşary ýurtly müşderileriň sanawy barha uzaýar. Şu ýyl olaryň hataryna ilkinji gezek Hytaý hem girdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Köneürgenjiň pagta egriji fabriginiň önümleriniň 80 göterimi daşary ýurtlara ugradylýar

Köneürgenç etrabynyň pagta egriji fabriginiň işgärleri ýanwar aýynda 3,3 million manatlykdan gowrak önüm öndürdiler. Onuň aglaba bölegi daşary ýurtly alyjylara - birža geleşiklerini baglaşan türkiýeli we russiýaly telekeçilere niýetlenendir. Köneürgenç etrabynyň pagta egriji fabrigi ýylda Daşoguz welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan gelýän 6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işleýär. GFR-iň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary bilen üpjün edilen kärhana Open End pnewmomehaniki usulda nah-mata ýüplügini öndürýär. Ýylda kärhananyň öndürýän önüminiň 80 göterimi daşary ýurtlara ugradylýar. Bu kärhananyň önümine, adatça birnäçe Ýewropa we käbir Arap ýurtlaryndan bolan alyjylar isleg bildirýärler. Çig mal biržasynda baglanyşylýan ähtnamalaryň şertlerine laýyklykda her ýyl fabrik özüniň öndürýän pagta ýüplüginiň takmynan 70 göterimini daşary ýurtlara satýar. Muňa şu ýerde öndürilýän önümiň ýokary hilli bolmagy we kollektiwiň şertnamalaýyn borçlaryny durnukly ýerine ýetirmegi itergi berýär, çünki dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda şu şertlere aýratyn gadyr goýulýar.